Tajigistanyň Milli awiakompaniýalary

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, hususy uçaryna eýe bomak – bu kaşaňlyk diýip hasaplaýar we resmi gatnawlar üçin, Somon Air Milli hususy awiakompaniýasynyň awiaparkydan “Boing 373” kysymly howa gämisinden peýdalanýar. Uçaryň bezegi täjikleriň milli tärinde ýerine ýetirilen we iň täze döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen. Howa gämisi döwlet wekilleri üçin zerur bolmadyk wagty hem boş duranok, – ol adaty ýolagçylar gatnawlaryny amala aşyrýar. Ýerli gatnawlar üçin bolsa ýurt baştutany dikuçardan peýdalanýar.

 

Täjigistanyň awiasiýasy 100 ýyllyk taryhy öz içine alýar. Köp bölegini daglar, jülgeler we derýalar eýeleýän bu ýurtda, ýokary derejede kämilleşen howa aragatnaşygyna zerurçylyk ýüze çykýar, we häzirki wagtda bu ýerde dört sany milli we Rusýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň onlarça ýük daşaýjy awiakompaniýalary hereket edýär.

Häzirki wagtdaTäjigistanyň ähli awiakompaniýalarynyň öňünde duran esasy wezipeler şulardan ybarat:

  1. Awiaparklaryndaky howa gämileriniň sanyny artdyrmak.
  2. gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek.
  3. gatnaw ugurlaryny giňeltmek.

 

Ýurduň içinde öňden bäri hereket edýän kompaniýa Täjik Air (“Täjigik awiaugurlary”) bolup durýar. Ol, 1924-nji ýylda, Orta Aziýa howa ýollarynyň Täjik awiaçatrygynyň döredilmeginden soňra dessine ulanyşa berildi. “Ýunkers 13” atly iki sany howa gämisi, Täjigistan boýunça Pamir daglarynyň üstünden: Stalinabaddan (Duşanbe) Penjä, Kulýaba, Hojente we Dangara ýolagçylary gatnatdy. 1950-nji ýyldan bäri “Toçikiston” adyny göterýän awiakompaniýa 2009-njy ýylda – “Täjik howa ýollary” diýen täze ada eýe boldy.

Читайте также:  «Эйр Астана» получила второй самолет Embraer 190-Е2

 

Täjik Air kompaniýasy hemişelik gatnawlary bilen Rusýa (Moskwa, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg we Surgut), Hytaý (Pekin we Urumçi), Eýran (Tegeran), Gazagystan (Almata), Gyrgyzystan (Bişkek), Hindistan (Deli) ýaly ýurtlaryna, we Duşanbe, Horog, Hujant ýaly Täjigistanyň howa menzillerine ýolagçylary gatnadýar. On bir sany howa gämisi ýolagçylara hyzmat edýär, olaryň arasynda «Boing 737-300», «Boing 737-800», «Boing 737-500», Xian MA60 ýaly howa gämileri bar. 2017-nji ýylda “Täjik howa ýollary” 356 müň ýolagçyny gatnatdy, bu bolsa geçen ýylka garanyňda 30 müň adam köp bolýar. Kompaniýada 500 töweregi adamynyň gatnaşmagynda ýetim çagalar üçin maddy kömegini bermek boýunça iş alnyp barylýar.

 

2007-nji ýylda Täjigistanda iki sany täze awiakompaniýalary döredildi: Asia Airways we East Air. Asia Airways: Pakistan, Hindistan, Owganystan, Eýran ýaly Aziýa ýurtlaryna we Birleşen Arap Emirliklerine çarter gatnawlaryny amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen. Bu awiakompaniýa Täjigistanyň milli ýük gatnadyjysy bolup durýar, Rusýanyň “Wolga-Dnepr” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar we Duşanbede ýerleşýän paýtagtyň halkara howa menzilinde bazalanýar.

Kompaniýanyň awiaparkynda «Аn-12», «Аn-26», «Il-76», Foker-50 ýaly uçarlaryň markalary bar.

Читайте также:  [:ru]Коммерческие перелёты в Таджикистане[:tj]Авиатсияи тиҷоратӣ дар Тоҷикистон[:]

 

East Air eýýam on ýyl bäri “Köp tölemek zerur däl?!” diýen  şygar bilen iş alyp barmak bilen ýolagçylary üstünlikli gatnadýar . Kompaniýanyň bazalanýan howa menzilleri – “Kulýab” we “Kurgan-Týube” bolup durýar. Bu howa menzillerinden East Air kompaniýasy Moskwa, Sankt-Peterburga, Kazana, Ýekaterinburga, Noworossiýska, Çelýabinska, Orenburga gatnawlary amala aşyrýar. Awiakompaniýa haýyr-sahawat işleri bilen hem meşgullanýar we Dünýäniň Halkara Obalyk atly guramasy bilen şertnama boýunça kynçylykly durmuş ýagdaýyna düşen çagalary hassahana eltmek bilen hem meşgullanýar. Kompaniýanyň işgärleri ýylda iki gezek üýtgeşik mahabat aksiýalaryny geçirýärler: hasaby boýunça “ýubileý” ýolagçylaryna öýjükli telefonlaryny gowşurýarlar, uçaryň bortunda utuşly lotereýa oýunlaryny gurnaýarlar, elektron görnüşinde petek satyn alan ýolagçylar üçin arzanladyşlary yglan edýärler. East Air syýahatçylyk kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar, ýüki bar bolan ýolagçylary gatnatmak üçin Rusýanyň howa menzilleri bilen şertnama baglaşýar. Gatnawyň dowamynda, uçaryň bortunda, awiakompaniýa tarapyndan çap edilen žurnallary paýlanylýar. Bu žurnallarda, iňlis we rus dillerinde gatnawlaryň tertibi, kämilleşdirimek meýilnamasy, boş iş ýerleri barada doly maglumatlary çap edilen. Kompaniýanyň ýol beletleriniň açyk mawy reňkdäki formasy we olaryň ýadatmaýan hyzmaty we hemişe ýylgyryşlary ýolagçylaryň şähdini açyp, ruhyny göterýär. East Air kompaniýasynyň awiaparkyndaky howa gämileriniň sany köpelmegini dowam edýär- geçen ýyl Airbus A320 howa gämisi satyn alyndy.

Читайте также:  Направления для путешествий с детьми

 

Somon Air kompaniýasy hem Täjigistanyň milli awiakompaniýasy bolup, öz “kärdeşlerinden” bir ýyl soňra döredilip Duşanbeniň howa menzilinde bazalanýar. Bu IATA düzümine giren ýeketäk awiakompaniýa bolup durýar. Kompaniýanyň awiaparkynda alty sany howa gämileri bar: iki sany «Boing 737-300» howa gämisi, iki sany – «Boing 737-800» we iki sany «Boing 737-900 ER», bir howa gämisi şahyr M. Tursun-Zada hormatyna ady dakyldy we ýene-de üç sanysy täjik syýasatçylarynyň atlary göterýärler. Hemişelik gatnawlaryň ugurlary:

  • Duşanbe, Kulýab, Hujant (Täjigistan);
  • Buhara, Taşkent (Özbegistan);
  • Moskwa (“Domodedowo”), Sankt-Peterburg, Orenburg, Ýekaterinburg, Kazan, Krasnoýarsk, Irkutsk, Soçi, Krasnodar (Rusýa);
  • Dubaý (BAE);
  • Stambul (Türkiýe);
  • Urumçi (Hytaý);
  • Frankfurt-na-Maýne (Germaniýa).

 

Çarter uçarlary Nižnewartowska we Hanty-Mansiýska hem gatnawlary amala aşyrýarlar. Ýylda bir gezek Somon Air kompaniýasy Täjigistandan haja barýan zyýaratçylary Saud Arabystana gatnadýar. Kompaniýa jemi ýigrimi alty sany ugur boýunça ýolagçylary gatnadýar.