Täjigistanyň ýük awiasiýasy

Awiasiýanyň bu görnüşi ýurtda öz öşüşiniň başlangyç döwrüni başyndan geçirýär. On ýyl mundan ozal, Täjigistanda ähli ýük daşamalarynyň jeminden 1 % onuň paýyna düşýärdi, häzirki döwürde bolsa – 6 % (bir müň iki ýüz tonna ýük). 2017-nji ýylda Duşanbe-de ýerleşýän Halkara howa menzilinde ýük terminaly ulanyşa berildi.

 

Ol, Ýaponiýa bilen şertnama esasynda grantyň serişdelerine gurulan howa menzildir. Paýtagtda ýerleşýän howa menziliniň döwrebap ýük bölegi Norwegiýa, Germaniýa, we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilip, Merkezi Aziýada iň öňdebaryjy howa menzili hasaplanylýar. Döwlet ýolbaşçylarynyň maksadynda bolsa –  bu, ýük terminalynyň netijeli iş alyp barmagynyň esasynda, oba hojalyk harytlarynyň eksport edilmeginiň käbir derejede ýokarlanmagyna, gatnaw ugurlarynyň köpelmegine we hususy awiasiýanyň howa gämileriniň hem ulanyşa girizilmegine getirdi.

Meşhur Aviav TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy, Täjigistanda döwrebap ýük howa gämilerini ulanmak boýunça hususy kireýçileri bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaga taýýar. Ýurduň içinde, kynçylykly ýerlerde hem gonmaga ukyby bolan dikuçarlary makul bilýärler, uzak aralykly gatnawlara bolsa kompaniýanyň iş dolandyryjylary göwrümi boýunça ýük uçarynyň laýyk geljek görnüşini kireýine almaga ýardam edýärler.

Читайте также:  {:tj}Ширкатҳои ҳавопаймоии миллии Тоҷикистон{:}{:ru}Национальные авиакомпании Таджикистана{:}{:ar}الخطوط الجوية الوطنية في طاجيكستان{:}{:it}Compagnie aeree nazionali di Tagikistan{:}{:fr}Compagnies aériennes nationales du Tadjikistan{:}{:pl}Krajowe linie lotnicze Tadżykistanu{:}{:tr}Tacikistan’ın ulusal havayolu şirketleri{:}{:tm}Tajigistanyň Milli awiakompaniýalary{:}{:by}Нацыянальныя авіякампаніі Таджыкістану{:}{:kz}Тәжікстанның ұлттық әуе компаниялары{:}{:kg}Тажикстандын улуттук авиакомпаниялары{:}{:uz}Тожикистон миллий авиакомпаниялари{:}{:ua}Національні авіакомпанії Таджикистану{:}

 

Täjigistanyň “Duşanbe”, “Kulýab”, “Kurgan-Týube” we “Hujand” ýaly dört sany halkara howa menzilleriniň ählisi hem ýük howa gämilerini kabul edýärler. Mundan başga-da köp daglyk welaýatlarynda dikuçarlar üçin meýdançalary hem bar.

 

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Merkezi Aziýada iş alyp barmak üçin amatly şertlerinde ýük howa gämilerini kireýine almagy teklip edýär. Kompaniýamyzyň rus dilinde gürleýän işgärleri size howa gämisiniň gerekli bolan görnüşini saýlaýarlar we dessine kireýine almak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlaýarlar. Täjigistanda ýük daşamak üçin “Boing 747”, “Il-76”, “An-140” ýaly döwrebap ýük uçarlary, şeýle-de hem “Mi-8MTB”, “Rominson”, “Aerobus Ýewrokopter”  kysymly dikuçarlaryň ulanylmagy mümkin.

 

Kireýine alynan hususy howa gämilerindäki siziň ýükleriňiz bellenen wagtynda we doly abat ýagdaýynda eltmeli nokadyna eltiljekdigine kepil geçýäris. Muny Kofrans SARL kompaniýasynyň ýük awiasiýa pudagynda bar bolan baý tejribesi subut edýär.

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy arkaly nähili ýükleri daşamak mümkin? Aşakda daşalýan ýükleriň görnüşleriniň gutarnykly sanawy beýan edilýär:

  1. Dwigatelleri, sökülip-düzülýän derýa we deňiz gämileri, äwtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary.
  2.  Sökülip-düzülýän mebel.
  3. Edara üçin mebel.
  4. Gündelik durmuşynda ulanylýan tehnika.
  5. Derman we atyr.
  6. Azyk önümleri.
  7. Kanselýariýa harytlary, neşir önümleri.
  8. Muzeýler üçin enjamlary.
  9. Antikwar predmetleri.
  10. Muzeý eksponatlary we arheologiýa artefaktlary.
  11. Gurallar we enjamlar.
  12. Sport inwentary.
  13. Egin-eşik we aýak-gap, matalar.
  14. Teatr, konsert we sirk üçin enjamlary.
  15. Haýwanlar we güller.
  16. Resminamalar.
  17. Çylşyrymly uly göwrümli ýükleri.
Читайте также:  Подразделения ПВО прикрыли российскую военную базу в Таджикистане от поражения крылатыми ракетами и БЛА (Министерство обороны РФ)

 

Lukmançylyk we narkotiki serişdeleri, ýarag ýaly kanun tarapyndan gadagan edilen ýüklerden başga dürli görnüşli ýükleriň ählini daşamak üçin Kofrans SARL araçy kompaniýasy ýük howa gämisiniň kireýine alynmagyny üpjün etmäge taýýar.

 

Haýwanlary daşamak üçin bolsa kompaniýamyzyň işgärleri gatnaw wagtynda ýany bilen barýan adamy we olara ideg etmegi teklip edýärler. Azyk önümleri we dermanlary daşalan-da bolsa has gowy şertleri dörediler, döwülgiç ýükleri daşalanda hem olara aýratyn garamaklygy kepil geçýäris.

 

Täjigistanyň geografiki aýratynlygy – onuň daglary we barmasy kyn bolan welaýatlarynyň bar bolmagy bolup durýar. Eger-de, daglara ýük eltmäge zerurçylyk ýüze çyksa, – Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy ýörite enjemlaşdyrylan dikuçarlary kireýine almagy teklip edýär. Sanagyly wagtda islendik ýük hem bellenen nokadyna eltiler, kireýine almak boýunça ähli resminamalary bolsa araçy kompaniýanyň işgärleri öz  üstüne alýarlar.

Читайте также:  Правила провоза багажа и ручной клади на рейсах «Nordwind» (2019)

 

Käbir halatlarda bolsa uly bolmadyk ýükleri we şol bir wagtyň özünde birnäçe adamdan ybarat bolan topary gatnatmaga zerurçylyk ýüze çykýar. Kompaniýamyzyň iş dolandyryjylary bir saparda iki dikuçary – ýolagçy we ýük dikuçarlaryny kireýine almak üçin resminama taýýarlaýarlar. Müşderimiz iki dikuçaryň hem bellenen nokadyna bir wagtda geljegine şübhelenmeli däl – Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy size ýokary derejeli hünärmenleriniň işini ýokary hilli alyp barmagyny we her bir müşderimize şahsy garamagyny kepil geçýär.