Täjigistanda awiasiýany kämilleşdirmegiň tapgyrlary

Orta Aziýa döwleti bolan Täjigistan, ýurduň çäginde hereket edýän awiasiýanyň wajyp orna eýe bolmagyna täsir edýän özüniň geografiki we syýasy aýratynlyklaryna eýedir:

  • giň meýdanlar we birek-bireginden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherler;
  • 92 % daglardan ybarat bolan ägir uly meýdanlary Pamir we Týan-Şýan daglarynyň eteginde ýerleşýär;
  • güýçli Syrderýa derýasynyň we uly kölleriniň bar bolmagy;
  • awtoulag we demir ýollarynyň ýagdaýynyň erbet bolmagy.

Birinji tapgyr. Täjigistanda raýat awiasiýasynyň döredilmegi

Ilkinji howa gatnawy iki sany gadymy şäherleri – Özbegistanda ýerleşýän Buhara şäherini we Täjigistanyň paýtagty – Duşanbe şäherini birleşdirdi. Şol döwürde Täjigistan Buhara emirliginiň düzüminden çykyp, Özbegistanyň düzümindäki awtonom döwlet hasaplanypdyr. Gatnaw “Dobrolýot” guramasynyň çözgüdi boýunça 1924-nji ýylda, RSFSR tutuş eýeleýän meýdany boýunça kämilleşdirmek  amala aşyrylypdyr. Raşid-bek Ahriýewiň dolandyrmagynda“Ýunkers-13” atly kiçiräk howa menzili hepdede üç gezek ýolagçylary bir howa menzilinden beýleki howa menziline gatnadýardy. 1927-nji ýylda gatnawlaryň geografiýasy has giňedi: Taşkentden Samarkand we Termez ýaly şäherlerine gatnawlar ýola goýuldy. Pamir daglarynyň üstünden geçýän gatnawlary gözegçilik edýän, Stalinabad howa çatrygy (1920-nji ýyllarda Duşanbe şäheriniň ady Stalinabad bolupdy) hem şol döwürde ulanyşa berildi, Duşanbe şäherinde bolsa täze howa menziliniň düýbi tutuldy. 1940-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda “Li-2”we “Ýu-52” uçarlary Täjigistanyň, SSSR-iň beýleki şäherlerine hem ýolagçylary gatnadýardylar; pionerler Artek we Kawkazyň Gara deňiz kenarynda ýerleşýän beýleki çagalaryň saglygyny dikeldiş merkezlerine howa ýoly bilen gitdiler.

Читайте также:  {:tj}Как сэкономить на частных перелетах{:}{:ru}Как сэкономить на частных перелетах{:}{:ua}Як заощадити на приватних перельотах{:}

 

Ikinji tapgyr. Täjik awiatopary

1956-njy ýylda Orta Aziýanyň territorial dolanşygy Täjik awiatoparyny döretmek barada çözgüt kabul etdi, dört ýyldan soňra bolsa “Il-18” uçarynda Moskwa şäherine ilkinji gatnaw amala aşyryldy. 1960-njy ýyllarda “Ýak-40”, “An-24” ýaly täze ýolagçy howa gämileri we gaty ýokardan uçýan “An-6” uçary bilen awiaparkyň sany dolduryldy, “Mi-8” ýaly dikuçarlary hem gatnawlary amala aşyrýardylar. Şol döwürde, Täjik awiasiýasynyň taryhynda bir ýylyň dowamynda 750 müň ýolagçylary gatnadylýardy.

 

Üçünji tapgyr. Raýat awiasiýasynyň dolanşygy

1970-nji ýyllarda, Raýat awiasiýasynyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan ýurtdaky howa ýollarynyň hyzmatlaryndan her ýylda iki million adam peýdalanýardy. 1979-njy ýylda, gozgalaň bilen gurşalan Owganystana, Täjigistanyň meýdanyndan ilkinji gatnaw bilen gumanitar kömegi berildi. 1980-nji ýyllarda hem ýurduň awiasiýasy kämilleşmegini dowam edýärdi: täze howa menzilleri bina edilýärdi, uçuş-gonuş meýdançalary asfalt bilen örtülýärdi, petekleri bron etmek boýunça “Sirena” atly täze awtomatlaşdyrylan ulgamy herekete girizildi.

 

Dördünji tapgyr. 1990-njy ýyllar. Pese gaçma we ýokary galmasy

1991-nji ýylda Täjigistanyň awiasiýa transporty “Tu-134” «Tu-154», «Ýak-40», «Аn-24», «Аn-26» we «Аn-28» ýaly ýüzlerçe uçarlaryna we “Mi-8” dikuçarlaryna hem ygtyýary bardy we her ýylda iki million ýolagçyny daşamak bilen, gatnaw göni we ters manysynda özüniň kämilleşmeginiň belent sepgidinde boldy. 1992-nji ýylda “Toçikiston” (bu günki “Täjik Air”) atly milli awiakompaniýasy hereket edip başlady. 1992-1997-nji ýyllarda raýat urşyndan soňra daşalýan ýolagçylarynyň sany on (!) esse azaldy, we 1998-nji ýylda Rusýa bilen hyzmatdaşlyk alyp barmak barada şertnama gol çekileninden soňra 1998-nji ýylda Täjik awiasiýasy ýene-de “janlandy”.

Читайте также:  Правила провоза багажа и ручной клади на рейсах «Уральских авиалиний» (2019)

 

Bäşinji tapgyr. Ýigrimi birinji asyr: hakykat we öňe gidişikler

2007-nji ýylda Täjigistanyň awiaparkynda ilkinji gezek Rusýada öndürilmedik uçary- “Boing-737-300” peýda boldy. Soňra bu sanaw ýenede birnäçe boing we Hytaýda öndürilen “MA60” kysymly turbowintli howa gämileriniň görnüşleri bilen dolduryldy.

2010-njy ýylda kabul edilen ulagy ösdürmek Maksatnamasy boýunça şular göz öňüne tutulýar:

– Duşanbeniň howa menzilinde täze halkara terminalynyň bina edilmegi;

– birnäçe uly howa menzilleriniň aerodromlarynyň durkynyň täzelenmegi;

–  bu gün petek satmak we howa gämisiniň bortunda iýmiti gurnamak üçin monopoliýa eýe bolan aksionerleriň – awiaedaralaryň priwatizasiýalaşdyrylmagy;

– ýurduň täze Howa kodeksiniň döredilmegi;

– biznes-awiasiýa sektorynyň kämilleşdirilmegi.

 

2015-nji ýylda Täjik hökümeti ýurduň awiasiýasynyň milli howsuzlygynyň Maksatnamasyny kabul etdi. Bu Maksatnama laýyklykda howa aragatnaşyk işlerine bikanun goşulmaklyk boýunça anyk çäreleri görmek bellenilýär. Ýurtda howa gämilerini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi: parkyň sanawyny döwrebap uçarlary we dikuçarlary bilen doldurmak; ähli uçuş-gonuş meýdançalarynyň durkyny täzelemek; howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak; uçuş geografiýasyny giňeltmek (2018-nji ýylda Täjigistan hepdede bigrimi iki ugur boýunça 23 gatnaw amala aşyrýar).

Читайте также:  Рейсы с пересадкой в интересных местах

 

Täjik awiasiýasynyň kämilleşmegine degişli gyzykly faktlar:

  1. Ýurduň awiasiýasynda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çeken uçarmanlary “Täjigistanyň awiasiýasynyň weterany” diýen hormatly at bilen sylaglanýarýar. Asylýan tegelek şelpejikde altyn başlaryň gurşap almagynda mawy asmanyň fonunda, Pamir daglarynyň üstünden uçup barýan kümüşsöw uçary şekillendirilen.
  2. Täjigistanda ilkinji uçar, ulagyň peýda bolmagyndan iki ýyl öň, otlynyň peýda bolmagyndan bolsa bäş ýyl öň peýda boldy.

Syýahatçylyga bagyşlanan belli neşir National Geographic Traveller žurnaly, öňki SSSR-iň eýeleýän çäginde syýahatçylygyň on sany meşhur ugurynyň arasynda Täjigistany üçünji orunda ýerleşdiripdir (Krym we Kawkazdan soňra).