Dikuçar bilen Pamiryň dagly raýonlaryna

Daglar ýurdy

Täjigistan – daglaryň ýurdy. Onuň tutýan meýdanynyň 53 % göterimi – deňiz derejesinden üç müň metr beýiklikde ýerleşýän beýik dagly raýonlary bolup durýar. Täjigistanyň gündogarynda Pamir daglary uzap gidýär. Onuň iň beýik nokady – Ismail Samoni nokady bolup durýar, onuň ozalky ady Kommunizm nokady (deňiz derejesinden 7495 metr ). Günbatarda bolsa, gyzykly ugurlary we garly gerişleri bilen alpinistleriň, gülläp ösýän ýaýlalary bilen bolsa syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Fan daglary uzap gidýär. “Meniň ýüregim Fan daglarynda galdy” – diýip, Täjigistanyň tebigatynyň gözelligi we tämizligi bilen täsirlenen bard we syýahatçy Ýuriý Wibzor hasaplaýardy.

Ýewropanyň Aviav TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy Turkestan, Zerawşan, Gissar daglary we Alaý gerişleri ýaly Täjigistanyň barmasy kyn bolan ýerlerine hem dikuçarda gezelenji gurnamagy teklip edýär. Bu daglaryň depeleri buzlyklar bilen örtülen we olardan geçmek kynçylyk döredýär, aýlaw-aýlaw jülgelerinden bolsa çalasyn derýalary akyp geçýärler.

 

Täjigistanyň syrlary

Täjigistanyň daglyk massiwleri ýeke bir ilki döredilen üýtgemedik tebigaty bilen özüne çekmäni, eýsem, gadymy duralgalary we gowaklary bilen hem özüne çekýär. Olar arheologlar tarapyndan bölekleýin öwrenilip, entek köp syrlaryny özünde jemleýärler. Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy syýahatçylara taryhy ýerlere we tebigy gözelliklere gezelenç etmek üçin dikuçary kireýine bermäge taýýar, dikuçaryň tejribeli ekipažy bolsa kyn bolan uçuşy ýakymly başdan geçirmä öwürýärler

Читайте также:  {:tj}В Мексике упал и загорелся пассажирский лайнер{:}{:ru}В Мексике упал и загорелся пассажирский лайнер{:}{:ua}У Мексиці впав і загорівся пасажирський лайнер{:}

 

2003-nji ýylda Zerawşan dag gerişleriniň günorta eteginde, Angilýak gowagynda, Pamir daglarynda 40 müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen Neandertally adamynyň yzlary tapyldy. Beýik daglardaky, ýerli ähmiýeti bolan, Horog howa menzilinden dikuçar iki sagadyň dowamynda ýolagçylary gadymy gowaga çenli eltýär. Howa menzilinde giňiş dikuçar meçdançasy bar, emma hemişelik gatnawlary ýola goýulmadyk. Kofrans SARL kompaniýasy ilki döwür, gadymy syrlaryna syýahat etmek üçin döwrebap howa gämilerini teklip edýär

 

Fergananyň janly jülgesine, “Beýik Pamir ýoluna” ekzotiki tebigy gözelligiň ähli muşdaklaryny perganat howa gämisi eltýär; gaýtalanmajak gözelligi bolan daglara we Ak-Su atly jülgelerine Hujandyň howa menzilinden (oňa çenli – ýüz kilometr) uçanyňyz makul bolýar,  ýak ýaly süri bolup aýlanyp ýören haýwanlary we syrly Tüweleý Jülgesi bolan beýik dagly Karakul kölüniň kenaryna bolsa – Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinden ýa-da Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinden uçanyňyz makul bolýar. Bu ýeriň ilki dörän üytgemedik tebigaty hyýaly ýaly görünýän peýzažlary bilen siziň göz öňüňize getirişiňizden hem haýran galdyrýar, aýratyn hem guş uçar beýiklikden syn edeniňizde illýuminatordan has gowy görünýän peýzažy.

Читайте также:  [:ru]Затерянный Касабулак. Путешествие в Таджикистан[:tj]Косабӯлаки ноаён. Сайёҳат ба Тоҷикистон[:]

 

Dikuçarlar ýagdaýdan çykalga tapýarlar

Täze belentlikleri tabyn etmek isleýän alpinistleri, perganat howa gämisi aňsatlyk we rahatlyk bilen dagyň depesine, çykmaly ýerine eltýär. Bu depeleriň biri hem, Fan daglarynda ýerleşýän Çimtarga bolup, dürli kynçylygy bolan alpinistler ugry bilen, dag sportunyň muşdaklary üçin gyzykly bolýar. Alpinistleriň daga çykýan ýeriniň başlanýan ýerinde, Mutnyý (bulançak) kölleriniň golaýynda, bir wagt bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, bu ýere bolsa Duşanbede ýerleşýän howa menzillerinden dikuçarda uçmak oňaýly bolýar (bu aralyk ýüz ýigrimi kilometrden ybarat).

 

Dikuçarlar gyşda, daglardan harsaňlar inen döwründe örän wajyp bolup durýar, awtoulag hereketi bolsa kynlaşýar, käwagt bolsa düýbünden mümkin bolmaýar. Geçmegi kynlaşan agyr geçelgeleri, Alp ýaýlalary we ýarym çöl landşafty bilen gurşalan, Alaý dag gerişleriniň ýerleşýän ýerinde bar; deňiz derejesinden 5.5 müň metr beýiklikde bolan daglyk massiwli welaýatynda ýolagçylary gatnatmakda bolşy ýaly, ýükleri daşamakda hem esasy kynçylygy howa gämisi öz üstüne alýar.

Читайте также:  Направления для путешествий с детьми

Ekzotiki aw awlamak we balyk tutmak

Dikuçaryň uçýan aýratynlyklary beýik daglarda, deňiz derejesinden 3-4 müň metr beýiklikde ýaşaýan ýabany goýunlaryna we Orta Aziýa geçilerine awy gurnanyňda hem gerekli bolýar. Dag gerýalarynda balyk tutmagy gowy görýän adamlar bu ýerde forel, sazan we siga ýaly balykylaryň görnüşlerini tutup bilerler, siwilizasiýadan uzakda bolan ýerlerinde bolsa syýahatçylary arharlary, tokaý sugunlaryny we aýy, syrtlan, kunisa, tilki ýaly ýyrtyjy haýwanlary hem görüp bilersiňiz. Pamiriň we Týan-Şýaniň dag gerişleri geologlar, geograflar, biologlar, arheologlar we paleontologlar üçin üýtgeşik bir gyzyk bolup durýar.

 

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň dürli tebigy we klimat şertlerinde howada gatnatmak boýunça köp ýyllyk tejribesi bolup, islendik görnüşli gatnawyň howpsuzlygyna kepil geçýär. Kompaniýanyň işgärleri üçin mümkin bolmajak zat ýok!