Täjigistanyň biznes-awiasiýasy

2012-nji ýylda, Täjigistanda ilkinij gezek biznes-awiasiýa sektorynyň döredilmegi barada sorag goýuldy. Şoňa çenli ýurt boýunça howa gatnawlarynyň amala aşyrylylmagyna 88 ýyl bolupdy, emma maliýeleşdirmäniň ýoklugy sebäpli bu pudagyň esasyna özgerişlikler we täzelikler girizmäge hiç hili mümkinçilik ýokdy.

Respiblikanyň aşaky palatasy, howa menzillerine we uçarlaryna hususy eýeçillik etmäge rugsat bermek barada Howa kodeksine düzedişler girizdi. Aslyýetinde, sowet döwründen saklanyp galan, häzirki döwürde ulanyşda bolmadyk howa menzillerini satyn almak hem mümkin, emma olary ulanyşa taýýar etmek üçin ägirt köp serişdeleri sarp etmeli bolýar. Penjikentdäki, Isfaredäki, Aýnidäki, Kistakozedäki ýerli howa menzilleri oňaýly welaýatlarynda ýerleşýär we daglyk ýeri bolany üçin we gyş wagtynda gar harsaňlarynyň aşak inmegi sebäpli bu ýerde howa aragatnaşygy zerur bolup durýar. Emma ähli howa menzilleri hem örän gözgyny ýagdaýynda bolup, olar doly döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki hyzmat edişi we uçuş-gonuş meýdançasynyň asfalt bilen örtülmegini talap edýärler.

 

Agzalan soraglaryna döwlet derejesinde garalýan döwründe, hususy howa gämileriniň islendik görnüşini kireýine bermäge taýýar bolan, Ýewropanyň Aviav TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyňyz mümkin. XXI-nji asyryň ikinji on ýyllygynda biznes-jeti kaşaň bolmagyny bes etdi we klassikanyň sözlerini üýtgedip beýan etsek, gatnawyň ýokary hilli görnüşi bolup durýar. Biznes-ýolagçylary üçin dünýäniň howa menzilleriniň köpüsinde aýratyn terminallary döredildi. Bu bolsa nobatyň bolmajagynyň, rahat şertleri we ýokary derejeli hyzmatlaryň kepili bolup durýar; Täjigistanyň halkara howa menzillerinde hem VIP-zolaklary döredildi.

Читайте также:  Изменения в нормативах по провозу багажа Nordwind и Red Wings

 

Täjigistanyň halkara howa menzillerinden esasy gatnaw ugurlary – Rusýanyň uly şäherlerine we goňşy Merkezi Aziýa döwletlerine ýola goýulan. Kofrans SARL kompaniýasy, syýahatçylary we işli adamlary Ýewropa ýurtlaryna, Kawkazyň Gara deňiz kenaryna, Kryma gatnatmak üçin hususy uçarlaryny we dikuçarlaryny kireýine almak boýunça öz hyzmatlaryny teklip edýär. Afrika, Günorta Amerika we Awstraliýa ýaly kontinentara gatnawlaryny hem amala aşyrmak mümkin,- Cofrance SARL işgärleri üçin mümkin däl işiň özi ýok. Biznes-jetiň uçýan wagty onuň bortunda iýmitlenme hyzmaty hem gurnalýar, müşderiniň islegine görä iň optimal şertleri döredilýär: kiçi-iş otagy, çagalar üçin oýun zolagy, korporatiw çärelerini ýa-da gepleşikleri geçirmek üçin salon bar.

 

Täjigistanda biznes-awiasiýa sektoryny döretmek üçin ýeňil we aşa ýeňil döwrebap uçarlary we dikuçarlary satyn almak zerur bolup durýar, bu bolsa gelejegiň işi. Aviav TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy eýýam şu gün ýagdaýy bar bolan adamyny, planetanyň islendik nokadyna hem erkin gatnawlary baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga taýýar. Uçarlaryň meşhur Cessna, Legacy 500 markalary, şeýle-de hem ýumşak oturgyçlar we oňaýly sanuzeli bilen enjamlaşdyrylan stilli we kaşaň Citation Mustang, hemişe kompaniýamyzyň müşderileriniň hyzmatlary üçin taýýar.

Читайте также:  {:tj}Авиатсияи боркаши Тоҷикистон{:}{:ru}Грузовая авиация Таджикистана{:}{:ar}الشحن الجوي في طاجيكستان{:}{:it}Trasporto merci in aereo di Tagikistan{:}{:fr}Aviation cargo au Tadjikistan{:}{:pl} Lotnictwo towarowe Tadżykistanu{:}{:tr}Tacikistan’ın hava kargo taşımacılığı{:}{:tm}Täjigistanyň ýük awiasiýasy {:}{:by}Грузавая авіяцыя Таджыкістану{:}{:kz}Тәжікстанның жүк авиациясы{:}{:kg}Тажикстандын жүк ташуу авиациясы{:}{:uz}Тожикистон юк ташиш авиацияси{:}{:ua}Вантажна авіація Таджикистану{:}

 

Täjigistanyň barmasy kyn daglyk welaýatyna barmaga zerurçylyk ýüze çykdymy? Ýük daşamalymy? Ilkidörän, üýtgemedik gözel tebigaty bolan Pamir daglarynyň etegine, uzak wagtlap garaşan syýahatyňyzy amala aşyrasyňyz gelýärmi? Bu ýagdaýda hem biziň kompaniýamyzyň işgärleri size ýardam edýärler. Olar size dag gerişlerini we çüň bolan jülgeleri uçup geçjek döwrebap dkuçarynyň kireýine alynmagyny dessine we ýokary hilli taýýarlamaga ýardam edýärler.

 

Hususy howa gämisinde Täjigistanyň islendik halkara howa menzilinden gatnawy amala aşyrmak mümkin. Gatnawy hatda uly bolmadyk howa menzilinden hem amala aşyrmak mümkin, sebäbi, belli bolşy ýaly ýeňil awiasiýasynda, uçmak we gonmak üçin aýratyn şertlerine talap bildirilmeýär. Rusýadan Täjigistanyň ekzotiki tebigaty, Pamir daglarynyň garly gerişleri we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy ýurduň taryhy bilen tanyş bolmak maksady bilen hususy jetinde amala aşyrylýan gatnawyňyz hakyky täsin we wakalara baý bolan dynç alyşa, adaty bolmadyk başdan geçirmä öwrüler. Duşanbeden Moskwa şäherine bolan gatnawy üçin dört sagat wagtyňyzy sarp edersiňiz we onuň bahasy 15 müň ýewro bolup, raýat awiasiýasynyň uçarlaryndan peýdalanan ýagdaýyňyzda bolşy ýaly, hiç hili ýakymsyz hadysalary bolmadyk, hakyky rahat syýahat bolar. Syýahat etmek üçin iň amatly wagt- mart aýyndan maý aýyna çenli bolýar. Bu döwürde daglaryň ýurdy bolan Täjigistanda ýaz pasly höküm sürýär, howa tämiz, dag jülgeleri bolsa görlüp-eşidilmedik gözelligi bolan güllerden halyny ýatladýar. Howa gämileri Rusýanyň we ýakyn ýurtlaryň islendik şäherlerinden ýolagçylary Täjigistana gatnatmaga taýýar.

Читайте также:  [:ru]Затерянный Касабулак. Путешествие в Таджикистан[:tj]Косабӯлаки ноаён. Сайёҳат ба Тоҷикистон[:]

 

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly Täjigistanda hem biznes-awiasiýa we howa taksileriniň hyzmaty ýaňy döreýän döwründe, Kofrans SARL kompaniýasy, arzuwlary amala aşyryp bilýän, Ýewropanyň tejribeli araçy kompaniýasynyň hukuklary esasynda öz hyzmatlaryny teklip edýär.